JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Gelip gowşan habarlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň şu ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirmegine garaşylýar.

Türkmenistan häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy sebäpli ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen halkara gatnawlaryny adaty tertipde ýola goýmak üçin degişli işleri alyp barýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ilkinji nobatda BAE-niň Dubaý hem-de Tatarystanyň Kazan şäherlerine gatnawlar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýleki ýurtlara hem halkara gatnawlary dikeltmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.

Häzirki wagtda pandemiýa döwründe bolşy ýaly, Türkiýe ugry boýunça diňe ýörite gatnawlar amala aşyrýar. Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary”  Türkmenistana ýörite gatnawlary ýerine ýetirýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy soňky döwürde ýörite gatnawlaryny ýygjamlaşdyrdy. Iýun aýyna geçip, her hepdäniň anna günleri ýörite gatnawlar göz öňünde tutuldy.

10-njy iýunda ýörite gatnawy ýerine ýetiren bu kompaniýa 17-nji we 24-nji iýunda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawy amala aşyrar.

 

Bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazyp, dünýä rekordyny goýdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-ÝUNISEF: 11 resminama gol çekildi

Täze kazylar wezipä bellendi

Oguljahan Atabaýewa: sagdyn ýaş nesli kemala getirmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Eýran: Türkmenistanyň gazy Türkiýä iberilip başlandy

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary