Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolýar.
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi maksat edinýändigini, bu babatda iki tarap üçin hem özara bähbitli ugurlar boýunça pikir alyşmaga doly taýýardygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» esasynda bilelikde durmuşa geçiriljek çärelere has-da üns çekildi.
Iki ýurduň ýokary hünär bilimi edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, geljekki hereketleri meýilleşdirmek hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Ýol kartasyny düzmek teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwar tarapyndan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri bilen bagly birnäçe teklipler türkmen tarapyna hödürlenildi.
Olaryň hatarynda:
- Türkmenistanda Türkiýe Respubikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny we bilelikdäki bilim maksatnamalaryny açmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak;
- türkmen ýaşlarynyň bilim almagy üçin Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýerleriniň bölünip berilmegi;
- Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim hem-de «emeli intellekt» tehnologiýalary boýunça gazanan üstünliklerini öwrenmek we tejribe alyşmak;
- Türkiýe Respublikasynyň bilim edaralary bilen iki ýurduň edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine, Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna dahylly bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak ýaly teklipleri görkezmek bolar.
Beýan edilen teklipler goldanyp, iki tarap hem bu teklipleriň esasynda gysga wagtyň içinde Ýol kartasyny taýýarlamak hem-de diplomatik ýollar arkaly gutarnykly görnüşde hödürlemek meselesinde özara ylalaşdylar.
Netijeli geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasyny şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.