JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: Hazar geçelgesi has-da güýçlendiriler

Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşan Türkiýäniň Halkara ýük daşaýjylar assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Alper Özel öz çykyşynda Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr pudagynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Ol Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň tagallalary bilen Hazar geçelgesiniň has-da güýçlenjekdigini mälim etdi. Alper Özel Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy döwletleriň bu geçelgäniň Ýewropa bilen Aziýany özara birleşdirýän geçelge boljakdygyny belläp geçýändiklerini aýtdy.

Alper Özel pandemiýa döwründe Türkmenistanyň sebitiň möhüm ulag-üstaşyr merkezi bolup durýandygyny görkezendigini belledi. Pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler bilen köp sanly kynçylyklaryň ýüze çykandygyny bellän Özer Türkmenistanyň serhet nokatlaryny açmagy bilen ýük gatnawlarynyň ýygylygynyň artandygyny mälim etdi.

Şeýle hem, Alper Özel koronawirus pandemiýasy dünýädäki ulag kompaniýalary üçin sapak bolandygyny aýdyp, “Durnukly dünýä ykdysadyýeti üçin her bir ulag geçelgeleriniň hereketde galmalydygyny we ösdürilmelidigini öwrendik. Türkmenistan bu ýörelgelere düşünýän we ulanýan ýurtlaryň biri boldy” diýip belledi.

 

Azerbaýjan-ÝB: energetika ulgamynda täze ylalaşyk

Ýene-de okaň

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy