DÜNÝÄ

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň 3-nji tapgyryna iberer

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ýertitreme zerarly ejir çeken türk raýatlaryna ynsanperwer kömeginiň 3-nji tapgyryny ibermäge taýýarlyk görýändigini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä. häzirki wagtda ynsanperwer ýüküni Türkiýä gowşurjak 3-nji uçar ibermäge taýýarlyk görülýär.

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Aşgabatdaky Türk wiza ýüz tutuş merkezinde ýola goýlan haýyr-sahawat işine gatnaşyp, bu ýerde beren beýanatynda 6-njy fewralda Türkiýede giň göwrümli güýçli ýertitreme bolup, türk hökümetiniň we halkynyň egin-egne berip, bu kynçylygyň hötdesinden gelmek ugrunda tagalla edýändigini belledi.

Ilçi türkmen halkynyň öz doganlyk halky bolan türk halkyna bildirýän duýgudaşlygyny duýýandyklaryny belläp, Türkmenistanyň türk halkyna ynsanperwer ýüküni iberen ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny belläp, şeýle diýdi:

– 7-nji fewralda 10 adamdan ybarat we dürli lukmançylyk serişdeleri Türkiýä iberildi. Şondan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Türkiýä ikinji ynsanperwer kömegi berildi. Häzirki wagtda ynsanperwer ýüküniň 3-nji tapgyryny ibermek üçin taýýarlyk görülýär.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar