JEMGYÝET

Türkmenistan Türkiýä gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýäniň Kastamonu, Sinop we Bartyn welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyňhalkynyňwe Hökümetiniňadyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryňdogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine tokaý ýangynlary sebäpli hem gynanç hatyny iberipdi. Şeýle hem Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi ugradylýar.

 

Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda Iňlis dilinde nakyllar

 

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi