BIZNES

Türkmenistan Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi zenanlarynyñ duşuşygyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi Zenanlaryñ komitetiniñ Baş assambleýasynyñ 2-nji duşuşygyna we forumyna  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan we bu edaranyň agzalaryndan düzülen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza ýurtlaryň zenan telekeçileriniñ milli ykdysadyýetde, söwda gatnaşyklarynda, sanly tehnologiýalar hem-de ekologiýa ulgamlarynda eýeleýän orny, şeýle hem olaryň bu ugurlarda alyp barýan işleri barada mowzuklaýyn pikir alyşmalar boldy.

Geçirilen forumyñ barşynda Türkmenistanly zenan telekeçileriň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirildi.

Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi Zenanlaryñ komitetiniñ Baş assambleýasynyñ 2-nji duşuşygynyň we forumynyň ahyrynda zenan telekeçileriň agza ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmäge goşýan goşandynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder