Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlangyjy bilen Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Bu barada Özbegistanyň metbugat neşirleri habar berýär.
Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň geňeşi 2023-nji ýylda döredildi. Söwda-senagat edaralarynyň geňeşi tükri döwletleriň arasyndaky hyzmaytdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat eder. Häzirki wagtda bu geňeşe 5 ýurt agza – Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan. Wengriýa we Türkmenistan synçy döwletlerdir.
Geňeşiň mejlisinde Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Žamşid Hojaýew çykyş edip, söwda, ulag, oba hojalygy, senagat pudaklaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini belläp geçdi.
Şeýle hem bu geňeşiň mejlisinde Türki döwletleriň maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy Bagdad Amreýew, Türki döwletleriniň guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ömer Koçaman, Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidiumynyň ýolbaşçysy Adham Ikramow, Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Dawron Wahabow, Azerbaýjanyň Telekeçiler guramasynyň milli konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Mamed Musaýew, Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Temir Saryýew, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň birinji orunbasary Ali Kopuz, Gazagystanyň “Atameken” milli işewürler edarasynyň geňeşçisi Murat Karimsakow we Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň wekili Kemal Weliýew çykyş etdiler.
Duşuşykda Türki döwletleriň söwda-senagat edarasynyň geňeşiniň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi we onda söwda, senagat we telekeçilik ugurlardaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Şeýle hem bu mejlisiň çäklerinde türki döwletleriň hususy pudagyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy.
