DÜNÝÄ

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Tbilisi şäheriň taryhy merkezi bolan Abanotubanide Tbilisi şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň Ilçihanalarynyň, şeýle hem diasporlaryň we medeniýet merkezleriniň gatnaşmaklarynda bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan diwarlyklary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Milli äheňde bezelen Türkmenistanyň Ilçihanasynyň pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle-de milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, elde dokalan nepis haly önümlerini, suratlary, sowgatlyklary, milli tagamlary we süýjülikleri özünde jemledi.

Çärä gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkimi Kaha Kaladze, şäher geňeşiniň Başlygy Giorgi Tkemaladze, şeýle hem Ilçiler gutladylar.

Türkmenistanyň Ilçisi D.Seýitmämmedow özüniň çykyşynda Nowruzyň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini, iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň, Watana bolan söýginiň halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýändigini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy saklamaga we durnukly ösüşe gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidigini aýratyn nygtady. Ol Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň bu baýramçylygy belleýän halklary ýakynlaşdyrýandygyny we medeni-ynsanperwer ýörelgeleriniň hem-de gatnaşyklaryň dabaralanmagyna ýardam berýändigini belläp geçdi. Ilçi çäräni gurnaýjylara minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

Baýramçylyk çäresi konsert bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi