BIZNES

Türkmenistan-Täjigistan: söwda gatnaşyklar ösdüriler

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we ministrligiň degişli wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ministrligiň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Täjik bölegine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň başynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara iş toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy jenap J.Şofakir türkmen tarapyna mähirli salam bilen ýüzlenip, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygy barada belledi. Şeýle hem, ýakyn wagtda iki ýurduň Döwlet baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilendigi we onuň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşylandygy barada aýdyp geçdi.

Soňra, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisiniň geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň wekiliýetini Duşanbe şäherine çagyrdy. Şeýle hem, nobatdaky hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 28-29-na geçirilmegini teklip etdi.

Ministr Muhammetgeldi Serdarow öz gezeginde, jenap J.Şofakir bilen mähirli salamlaşyp, oňa täze bellenen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Soňra, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Hususan-da, senagat we ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary barada belledi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Iki ýurduň energetika, senagat, oba we suw hojalyk, ulag-aragatnaşyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklar işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Şeýle hem ministr Muhammetgeldi Serdarow, ynsanperwer ugurlary, ýagny bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk örän möhüm we ileri tutulýan ugurlar bolup durýar diýip belledi. Soňra, Duşanbe şäherine bolan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisiniň geçirilmegi üçin teklip edilen senäni makullady.

Duşuşygyň dowamynda, iki ýurduň ýolbaşçylary hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisiniň kätiplerini bellediler we iş toparynyň döredilip agzalan mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleri we onuň teswirnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklaryň guralmagyny mümkin hasapladylar.

Soňra, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Şarifzada agzalan mejlisiň geçirilmegi boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada gysgaça gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy täjik tarapyna Mejlisiň Teswirnamasynyň taslamasyny diplomatik ýollar arkaly ibermeklerini haýyş etdi we türkmen tarapynyň agzalan Teswirnama seredip, öz bellik we tekliplerini iberjekdikleri barada aýtdy. Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ýagdaýda geçdi.

Eriksen futbol karýerasyny tamamlamaly bolarmy?

 

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady