SPORT

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Milli ýygyndymyza tälim berýän Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän türgenleşikler her gün iki wagtlaýyn tertipde alnyp barylýar. Bu taýýarlyk duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Saýlama tapgyrda “D” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 12 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Şol sanda Tailandyň milli ýygyndysy hem 12 utuk toplady, emma goşmaça görkezijiler boýunça ýygyndy toparymyz öňdäki orny eýeleýär. Ýygyndy toparlaryň arasynda geçirilen öňki duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” köpugurly stadionynda garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başarypdy.

Toparçada 6 utuk bilen Şri-Lankanyň milli ýygyndysy üçünji orny eýeleýär, utuk gazanyp bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysy bolsa dördünji orunda ornaşdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň soňky — 6-njy duşuşygyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.

Ýeri gelende bellesek, saýlama oýunlaryň çägindäki alty toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy–2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy