JEMGYÝET

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku ş) Tomas Steli bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny gözden geçirdiler.

Gepleşiklerden soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, ýagny Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýa Federal Geňeşiniň arasynda diplomatik we gulluk pasportlary bolanlar üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak baradaky şertnama, şeýle hem Türkmenistan Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda rugsatsyz ýaşaýan adamlaryň gaýtadan kabul edilmegi hakynda  şertnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri