JEMGYÝET

Türkmenistan şähergurluşygy babatda Sankt-Peterburgyň tejribesine gyzyklanma bildirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen Newa derýasynyň boýundaky şäheriň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Sankt-Peterburgyň kompaniýalary tarapyndan Aşgabatda birnäçe düzümleýin taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Öz tarapyndan Türkmenistan senagat, gurluşyk serişdelerini öndürmek we şähergurluşygy babatda Sankt-Peterburgyň toplan baý tejribesini öwrenmäge hem-de ulanmaga gyzyklanma bildirýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalary özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we sanlylaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu babatda IT- tehnologiýalaryň ulanylmagy hem-de “akylly” şäherleriň gurulmagy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Sankt-Peterburgyň gubernatory uzakmöhletleýin özara bähbitlere kybap gelýän hem-de döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategiýasyna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de umumy bähbitler üçin giň gerimli ugurlar boýunça depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi