Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sport-sagaldyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine uly ünsüň gönükdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň günsaýyn artmagy hem şeýle diýmäge esas döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 8-9-njy oktýabrda ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdylmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-dabaralaryna özboluşly öwüşgin berer hem-de ildeşlerimize uly ruhubelentlik eçiler. Galyberse-de, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.
Ruhy we beden saglygy bagtly ýaşaýşyň gönezligi hasaplanýar. Lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, sporty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň raýatlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly bolmaklarynda uly ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň we meýdançalaryň hereket etmegi ildeşlerimiziň sport bilen meşgullanmagyna, türgenleşmegine giň mümkinçilikleri açýar. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde raýatlarymyz döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, abraýly orunlary eýeläp gelýärler.
Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda üns berilýän esasy ugurlaryň biri bolan sport ulgamy Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde uly ösüşlere beslenip, täze belentliklere göterildi. Amala aşyrylan we häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli işleriň netijesinde bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sport döwleti hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz diňe bir sportuň ýylsaýyn täze derejelere çykýan, türgenleriň täze nesliniň kemala gelýän mekany däl-de, eýsem, halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýeri hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göteren taryhy wakalar boldy.
Merkezi Aziýada iri sport desgalarynyň biri bolan Olimpiýa şäherçesi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň türgenlerine, tutuş halkymyza ajaýyp peşgeşleriniň biridir. Olimpiýa stadionyny bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýäde iň uly nyşany, Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkeziniň halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi biziň üçin has-da buýsançly şanly wakalardyr.
Sportdaky ösüşleriň bedenterbiýe ulgamynda alnyp barylýan işleriň derejesine baglydygy düşnüklidir. Şonuň üçinem ýurdumyzda ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary ugrunda ähli tagallalar edilýär. Olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, fiziki işjeňligini ösdürmek bilen baglanyşykly ýola goýulýan işler ata Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende göterjek türgenleriň kemala gelmegini üpjün edýär.
Ýeňişmyrat Halymow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.