JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz telefon söhbetdeşliginiň barşynda Rus Liderini doglan güni bilen gutlady.

Söhbetdeşligiň barşyndan giň gerimde ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriň arasyndaky islndik gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şol bir agtyň özünde saglyk we derman senagaty ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.

Sebitara hem-de halkara meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgustynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky 6-njy Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek babatda ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda 2 ýylyň dowamynda daşary syýasat edaralaryň ulgamy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýokary derejedäki Hazar sammitiniň gepleşikleri boýunça gol çekiljek resminamalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini özi üçin amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz rus kärdeşini doglan güni bilen gutlap, gutlag hatyny hem iberdi.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi