JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýa ynsanperwer ýüküni ugratdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy.

Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hemmeler üçin iň çylşyrymly döwürde ýakyn goňşyňa doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.

Ýurdumyz özara kömek bermegiň köp asyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömegini bermek maksady bilen, goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwer ýükleri ugradyldy.

 

Türkmen-rus işewürlik gatnaşyklary ösdüriler

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas