JEMGYÝET

Türkmenistan Prezident saýlawlaryna taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçylygynda ýaşlara orun bermek hakynda kabul eden aýgytly syýasy kararyndan soňra Türkmenistanda 12-nji martda Prezident saýlawlaryny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek göz öňünde tutuldy.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä giňden taýýarlyk görmek maksady bilen Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary saýlaw möwsümine badalga berdi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan bu ýokary döwlet wezipesi üçin dalaşgärleri hödürlemek hem-de olary bellige almak işleri guramaçylykly geçirildi.

ÝOKARY BÄSDEŞLIKLI 9 DALAŞGÄRLI SAÝLAW

Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalary hem-de merkezi saýlaw toparynda bellige alnan raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-sy gatnaşdy. Raýatlaryň teklipçi toparlarynyň her biri öz dalaşgärini goldaýan saýlawçylaryň 10 müňden gowragynyň goluny ýygnadylar.

Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar bolan – Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasy özleriniň mynasyp dalaşgärlerini hödürledi.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärler hödürlendi. Şonuň esasynda, Prezident saýlawlary üçin 9 dalaşgär bellige alyndy.

Dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde öz maksatnamalaryny tanyşdyrmak üçin saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda hem “Saýlaw 2022” atly ýörite bölüm açyp, şol ýerde Prezident saýlawlary baradaky habarlary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetirýäris. Şol bölümde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň terjimehaly hem-de maksatnamasy hem giň okyjylar köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi.

Dalaşgärler bellige alnandan soň wagyz işleri başlandy we ol 10-njy martda tamamlanýar. Açyklyk hem-de aýanlyk, wagyz işleriniň erkinligi ýörelgelerine laýyklykda, dalaşgärleriň ählisi üçin deň mümkinçilikler döredilip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tölegsiz we deň şertlerde çykyş etmek mümkinçiligi kepillendirildi.

Dalaşgärleriň terjimehaly we olaryň maksatnamalary gazetlerde çap edildi we saýlaw uçastoklarynda ýerleşdirildi. Şol terjimehallardan görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň hemmesi ýaş ýolbaşçylar bolup, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen uly abraýdan peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow üç dilde – döwlet dilinde, iňlis hem-de rus dillerinde erkin gürläp bilýän, halkara gatnaşyklary we halkara howpsuzlygy boýunça bilim alan dalaşgärleriň biridir. Ol Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri, şeýle hem Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri babatda bilim aldy.

Dalaşgärlerden Kakageldi Saryýew tehniki ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesiniň, Hydyr Nunnaýew bolsa, pedagogika ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesiniň eýesidir. Mundan başga-da, dalaşgärler Berdimämmet Gurbanow hem-de Maksatmyrat Öwezgeldiýew ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda dürli jogapkärçilikli wezipelerde zähmet çekdiler.

Dalaşgär Perhat Begenjow bilimi boýunça ykdysatçy bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe ulgamynda çuňňur bilim berýän ýokary we orta mekdeplerinde zähmet çeken ýaş ýolbaşçylaryň biridir.

Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlen Maksat Ödeşow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň düzüminde işläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty bolan dalaşgärlerden biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Babamyrat Meredow «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory bolmak bilen, ýaşlara telekeçilik işlerinde goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde, telekeçilige girişen ýaş ýolbaşçylaryň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Agajan Bekmyradow hem oba hojalygynda hem-de jemgyýetçilik edaralarynda zähmet çekip, ýolbaşçy wezipelerini amala aşyran dalaşgär bolup durýar.

TÜRKMENISTANDA WE DAŞARY ÝURTDA SES BERMEK MÜMKINÇILIGI

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272,  Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde  310 saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň ses bermek hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda jemi 41 sany saýlaw uçastogy döredildi.  Has takygy:

Öňünden ses bermek degişli ýurduň ýerli wagty bilen her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär. Öňünden ses bermek 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

Saýlawlar güni, ýagny 12-nji martda ses bermek degişli ýurduň ýerli wagty bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýär.

ÝERLI WE DAŞARY ÝURTLY SYNÇYLAR SAÝLAWLARA GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy.

Şolardan: 544-si Türkmenistanyň demokratik partiýasy, 355-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 390-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 520-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, 290-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan,      84-si bolsa raýatlar toparlary, 18-si hem dalaşgärler tarapyndan bellenildi.

Milli synçylaryň 47,76 göterimi zenanlardyr.

Şeýle hem Prezident saýlawlary işine syn etmek üçin daşary ýurtly synçylar hem ýurdumyza çagyrylyp, olara ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işini alyp barýar. Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň synçylarynyň gelmegine garaşylýar.

ÖŇÜNDEN SES BERMEK: ÝURTDA BOÝUNÇA 2,54 GÖTERIM, DAŞARY ÝURTDA 28.60 GÖTERIM SES BERILDI

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda,  şu günler Prezident saýlawlary boýunça öňünden ses bermek işleri dowam edýär. Has takygy, 2022-nji 6-njy marty ýagdaýyna görä, ýurt boýunça saýlawçylaryň 2,54 göterimi öňünden ses berdi.

Şol sanda:

Ahal welaýatynda 6,76, Balkan welaýatynda 3,01%, Daşoguz welaýatynda 1,90%, Lebap welaýatynda 2,39%, Mary welaýatynda 0,92%, Aşgabat şäherinde 0,80% we daşary ýurtlarda bolsa 28,60% ses berildi.

Öňünden ses bermek 2-nji martdan başlandy we 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

 

 

Saýlaw-2022: Daşary ýurtlarda ses bermek

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri