BIZNES

Türkmenistan özüniň eksportda gazananlaryny görkezer

27-28-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy önüm öndürijileri gatnaşarlar. Guramaçy bolup  Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy çykyş edýär.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň sergi zalynda “janly” görnüşde geçiriler. Munuň özi gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmatdaşynyň teklipleri bilen has giňden tanyşmaga we hödürlenýän eksport harydynyň hiline baha bermäge ýardam eder.

Sergide daşary ýurtlara eksport etmäge niýetlenilen harytlary öndürýän kärhanalar öz önümleri bilen tanyşdyrarlar. Olaryň hatarynda Dokma senagaty ministrligi, nebit-himiýa senagaty, agrosenagat toplumyna degişli kärhanalar, şeýle-de iýmit önümlerini öndürýän kärhanalar bar.

Serginiň esasy maksady Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini açyp görkezmekden we daşary ýurtly kompaniýalar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ukrainadan ilkinji üstünlik

 

 

Related posts

Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi

Ata Watan Eserleri

BAE arassa energiýa üçin 163 milliard dollar maýa goýýar

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi