BIZNES

Aşgabatda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler

Paýtagtymyz aşgabat şäherinde noýabr aýynda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisini gurama meýilleşdirilýär. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales habar berdi.

TASS habarlar gullugynyň berýän habaryna görä,  eýran tarapy noýabr aýynda Aşgabatda ” Iran Project” ady bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen senagat harytlarynyň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu sergide tehniki we inženerçilik hyzmatlary. şol sanda gurluşyk materiallary, arhitektura, nebithimiýa, nebit, gaz we energetika pudagyna degişli harytlar görkeziler.

Şeýle hem 17-nji oktýabrda iki ýurduň arasynda bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň işine gatnaşmak üçin Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Merhdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady harytlarynyň sergisi guralypdy.

Related posts

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar

“Volkswagen” -den 15 milliard ýewro

Ata Watan Eserleri

Ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurlar