JEMGYÝET

Türkmenistan Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny we tebigy gazyny ibermäge taýýar

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Onuň dowamynda köp sanly ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň ikinji gününde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda hususan-da, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar.

Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Täjigistanyň elektrik energiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny belläp, muny dikeltmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri elektrik energiýasyny we tebigy gazyny ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu ýerde zerur bolan halatynda özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ýurdumyz şeýle hem türkmen nebit önümlerini ibermek ulgamynda Täjigistan bilen gatnaşyk edýär we täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberlerini artdyrmaga taýýardygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri