BIZNES

Türkmenistan Özbegistana banan eksport etdi

Özbegistanyň döwlet statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan tarapyndan daşary ýurtdan 127,2 müň tonna banan import edildi. Özbegistanyň banan satyn alan ýurtlaryň hatarynda Türkmenistan hem bar. Bu barada “Uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň goňşy ýurda banan eksporty 324 tonna deň boldy. Özbegistanyň degişli döwürdäki banan importunyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57,4 müň tonna köpdür.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň 11 aýynda banan import eden ýurtlary:

Ekwador – 125,9 müň tonna

Gazagystan – 426 tonna

Türkmenistan – 324 tonna

Türkiýe – 197 tonna

Hindistan – 144 tonna

Gyrgyz Respublikasy – 99 tonna

Hytaý – 19 tonna

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler