BIZNES

Türkmenistan Owganystanyň demirýol infrastrukturasyna maýa goýar

“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň demirýol ministriniň orunbasary Bahtur Rahman Şaraft bilen gepleşikler geçirdi.

Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri boýunça ministrligiň habaryna görä, iki ýurduň arasynda demirýol ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Turgundy stansiýasynyň giňeldimegi, Turgundy-Hyrat demirýolunyň uzadylmagy, Sanobara çenli 22 kilometrlik ýoluň gurulmagy bilen baglanyşykly taslamalara seredildi.

Türkmen wekiliýeti Owganystanyň demirýol infrastrukturasyna maýa goýmaga gyzyklanma bildiriň, Turgundy stansiýasynyň giňeldimegi hem-de Turgundy-Hyrat demirýolunyň birinji tapgyrynyň gurulmagyna maýa goýumlary goýmagy meýilleşdirýändigini belledi. Gönükdirilen maýa goýumlaryň demirýoluň ulanmaga berilmegi bilen gazanylýan girdejiniň hasabyna yzyna alynmagy meýilleşdirilýär.

Bu taslamalaryň gurluşygy ýük möçberleriniň we üstaşyr ýük gatnawlarynyň artmagyna getirer. Şeýle hem hususy pudaga ulag ulagmynda goşmaça ýeňillikler döreder.

Şertnama hem-de gurluşyk işleir boýunça ylalaşyga gol çekilenden soňra degişli işleri şu ýylyň 1-nji sentýabrynda başlamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Tükriýä geçelgesi taslamasyny ilerletmek üçin bilelikdäki iş toparyny döretmek maksady bilen Owganystanyň demirýol pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamak babatda hem hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder