JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystandaky taslamalara 1,250 milliard dollar goýberdi

Ženewa şäherinde Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň Owganystan üçin aýratyn ähmiýeti görkezildi.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow goňşy Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada jikme-jik gürrüň berdi.

Ol Türkmenistanyň Baştutanynyň iri göwrümli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystanyň sebitleýin ykdysady integrasiýasyny bu ýurtda parahatçylygyň dikeldilmeginiň  esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýändigini bellendi.

Şunlukda, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda wajyp ykdysady taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. TOPH gazgeçirijisiniň, TOP ugry boýunça elektroenergetika we kommunikasiýa ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistany Owganystan hem-de beýleki sebit ýurtlary bilen birikdirýän demir ýol magistrallarynyň gurluşyklary dowam edýär.

Türkmen tarapy şu ýyl öz çäginde TOPH-nyň gurluşygyny tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň jemleýji tapgyry aýratyn bellendi.

«Demirýol aragatnaşygy barada aýdylanda, türkmen tarapynyň «Akina-Andhoý» demir ýol gurluşygynyň 35 kilometrlik bölegi ýakyn günlerde tamamlanmaly» diýip, R.Meredow belledi. 2021-nji ýylda «Тurgundy-Hyrat» ugry boýunça demir ýoluň gurluşygynyň dowam edilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylary bu taslamalaryň maliýe ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 1 milliard 250 million amerikan dollaryny goýberdi.

Mejlisiň barşynda taraplar Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegi üçin maýa goýumlaryň çekmek we maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary