DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy.

Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «Goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi», diýlip Buýrukda bellenendir.

Resminama laýyklykda, şu gün türkmen tarapy doganlyk owgan halkyna Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerinden, azyk senagatynyň harytlaryndan ybarat bolan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Owgan tarapyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Muhammat Abbas Stanikzai, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli  pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Bitarap Türkmenistanyň ulgamlaýyn esasda goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözülmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini hem bellemek zerurdyr.

Ynsanperwerlik kömegini gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan Owganystanyň Akina şäherçesiniň täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

 

ÝUNISEF-e täze ýolbaşçy bellendi

Ýene-de okaň

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler