JEMGYÝET

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi

Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, owgan tarapyna senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi we gazak tarapyna Premýer-ministriň orunbasary Serik Žumangarin wekilçilik etdi.

Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygy barada  pikir alşyldy. Gün tertibine görä, 3 ýurduň çäklerinde üstaşyr we ulag çykdajylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki tehniki topary döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem taraplar 3 ýurduň wekiliýeti Owganystanda ulag we üstaşyr infrastrukturany bilelikde ösdürmek babatda ylalaşdylar. Munuň üçin Hytaýdan konteýner otlularynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana, şol ýerden hem Pakistan, Hindistan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ibermek üçin amatly şertleri döretmek göz öňünde tutuldy.

Deslapky hasaplamalara görä, Hytaýyň Sian-Urumçi sebitinden Owganystanyň Turgundi we Andhoý sebitine çenli ýükleriň daşalmagy çaltlandyrylan ugurda 10-12 günde ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň МТС kompaniýasy boýunça beýanaty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi