BIZNES

Türkmenistan Owganystan bilen oba hojalygynda hyzmatdaşlyk eder

Owganystanyň oba hojalygy, suwaryş we maldarçylyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mawlawi Ataullah Omari, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň neşiri habar berýär.

Ministrligiň ýaýradan beýanatyna görä, taraplar oba hojalygyny ösdürmek, bagbançylyk we beýleki köp sanly gyzyklanma bildirilýän özara meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

– Biz köp ugur boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris. oba hojalyk we maldarçylyk ugry boýunça eksport-import, mehanizasiýa, oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri artdyrmak, oba hojalyk pudagynda ylmy-barlag babatda alyş-çalyş maksatnamasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bar – diýip, owgan tarapy belläp geçdi.

Türkmen ilçisi hem öz gezeginde, Türkmenistanyň meýilnamalary durmuşa geçirmekde we iki hökümetiň arasynda esasan oba hojalygy we maldarçylyk pudaklarynda pikir alyşmak üçin hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär