DÜNÝÄ

Türkmenistan owgan topragynda demirýol şahasyny gurýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen giň gerimli uzakmöhletleýin işleri amala aşyrýar. Şunda anyk mysal hökmünde «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygy ýaly ulag ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini görkezmek bolar.

Döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 16 — 17-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Owganystanda boldy. Saparyň çäklerinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň demir ýol edarasynyň arasynda bu taslamany durmuşa geçirmek barada şertnama baglaşyldy.

Resminama laýyklykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystanyň «Venco Imtiaz Construction Company LLC» kompaniýasynyň arasynda ýer işleriniň kesgitlenen möçberini ýerine ýetirmek hem-de Owganystan Yslam Respublikasynda «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygyny serişdeler bilen üpjün etmek hakynda kömekçi potrat şertnamasy baglaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gadymdan gözbaş alýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak esasynda guralýandygyny belledi.

Energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly strategik ugurlarda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy Owganystanda syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginiň, goňşy ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu desga taslama gatnaşýan ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Elektroenergetika pudagynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Biziň ýurdumyz Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň mukdaryny yzygiderli artdyrýar. Gurluşygy dowam edýän transmilli gaz geçirijiniň ugry boýunça TOP elektrik geçiriji ulgamyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilýändigini bellemek gerek.

Owganystany giň gerimli ulag-üstaşyr düzümi, şol sanda demir ýol we ulagyň beýleki görnüşleriniň düzümini döretmek boýunça taslamalara çekmek möhüm wezipe bolup durýar diýip döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. «Lapis Lazuli» (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça özara gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Akina — Andhoý demir ýol şahasy goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň kiçi we orta telekeçiligini işjeňleşdirmek, owgan önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Owgan topragynda demir ýoluň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýandygyny hem-de biziň işçilerimiziň hem-de gurluşyk serişdelerimiziň ulanylýandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

 

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy