Gazagystanyň Türküstan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji parlamentara forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem gatnaşýar.
Gazagystanyň Senatynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki günüň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem medeni giňişlikde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Gazagystanyň Senagatynyň başlygy Maulen Aşimbaýew şeýle duşuşyklaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky ýokary derejedäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm bolup durýandygyny belledi. Senatyň başlygy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň bardygyny belläp, parlament wekilleriniň hem ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagalla edilmelidigini mälim etdi.
Forumyň işine Gyrgyz Respublikasynyň Žokorku Keneşiň başlygy Nurlanbek Şakiýew, Özbegistanyň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Tajigistanyň Oli Mejlisiniň Mejlisi Namoýandogan başlygy Mahmadtoir Zokirzoda we Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow gatnaşýar.
Çäreleriň dowamynda deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we parlamentleriň bu işdäki orny, umumy taryhy hem-de medeni mirasa esaslanýan medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Forumyň netijesinde gatnaşyjylar Türküstan Jarnamasyny kabul ederler. Bu resminama, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we özboluşly aýratynlygy bilen Merkezi Aziýanyň ýeke-täk medeni we taryhy giňişligini emele getirmäge gönükdirilen parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentara forumyny geçirmek kararynyň geçen ýylyň iýul aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda kabul edilendigini bellemek gerek.
