DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy

Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” ministrler derejesindäki duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasayr Wepa Hajyýew gatnaşdy. 

Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, şol sanda söwda-ykdysady, maýa goýum, suw-energetika, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropa Bileleşigini bu duşuşykda ÝB-niň halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasty boýunça Ýokary wekili we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Žozep Borrel wekilçilik etdi.

Duşuşykda sebit we halkara meseleleri, Owganystandaky ýagdaýlar, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşkly gurşawy goramak, ylym-bilim, innowasiýa ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ulag we aragatnaşyk arabaglanyşygyny ösdürmek üçin uzak möhletleýin strategik meýilnamany işläp düzmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasynda söwdany ösdürmek üçin bilelikdäki maksatnamany ösdürmegiň zerurlygy bellenildi.

Söwda pudagynda hünärmenleri taýýarlamak üçin sebit merkezini döretmek, Hazar transmilli multimodal ýoluň mümkinçiligini ösdürmek strategiýasyny işläp düzmek, bar bolan halkara multimodal geçelgeleriň täze mümkinçiliklerini döretmek we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk teklipleri edildi.

Merkezi Aziýanyň Ýewropanyň kompaniýalarynyň ösmegi üçin täze meýdança bolup biljekdigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda 2023-nji ýylyň maýynda Astana şäherinde Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi ikinji ykdysady forumy geçirmek babatda pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri