BIZNES

Türkmenistan Malaýziýadaky halkara sergä taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň ýolbaşçysy bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Aziýa ─ Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň  dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de işewür hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek ugrunda birnäçe wajyp resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň we Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, olaryň geljekde hem türkmen-malaý söwda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini has hem giňeltmekde, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda badalga bolandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu forum iki ýurduň işewür toparlarynyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek we täze maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär