BIZNES

Türkmenistan koronawirusyň kadalaşmagy bilen halkara sergilerini gurar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen halkara sergilerini guramak babatda tabşyryklar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Dubaý şäherinde geçirilen we 31-nji martda tamamlanan “EKSPO-2020” sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hasabat berdi.

Dubaýdaky guramaçylyk komitetiniň milli pawilýonyň binasyny ýene-de 5 ýylyň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlary geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasap edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy dowam etdirmek zerurdyr diýip, wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.

Şeýle hem dürli ýurtlarda we şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etdirmek gerek. Munuň özi harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlary döretmäge mümkinçilik berer, diýip hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

 

Agyz-bu­run ör­tük­le­rini aýyrmak boýunça

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy