BIZNES

Türkmenistan  “John Deere” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

“John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler barada habar berildi.

Olara garamagyň hem-de seljermegiň esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we okuwlary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, serişdeleri tapgyrlaýyn çekmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere” kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär. Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.

 

“Çalyk Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar