JEMGYÝET

Türkmenistan “Italiýa-Merkezi Aziýa” ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýada geçirilen “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýaniniň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri  Žeenbek Kulubaýew hem-de Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy.

– Italiýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagy esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar we bu gatnaşyklary italýan kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine açylmagy üçin ümümkinçilik hökmünde garaýar. Sebit ýurtlary bilen ykdysadyýet, senagat, ekologiýa, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berýäris – diýip, Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýani belledi.

“Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna Italiýanyň öňdebayrjy 30 iri kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Italiýa Özbegistanda, Gazagystanda we Täjigistanda işewürler forumlaryny gurnady. Infrastruktura, oba hojalygy, maşyngurluşyk we energetika ýaly ugurlarda ähli Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Maslahatyň çäklerinde energetika, ulag, ýokary bilim we maglumat torlary ýaly ugurlar boýunça ýörite plenar mejlisler geçirildi. Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň degişli edaralary bilen bir hatarda bu maslahata Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Edoardo Riksi “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna gatnaşyp, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda tekliplerini beýan etdi.

Hususan-da, TransHazar halkara ulag geçelgesini ösdürmek babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem Italiýanyň Merkezi Aziýanyň demirýol we port ulgamynyň ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygy bellenildi.

Rim şäherinde Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatynyň çäklerinde “Ansaldio Energia”, “IVECO Group”, “MERMEC”, “SAIPEM”, “SACE” ýaly 30-dan gowrak abraýly italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi