SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyz ykdysadyýetde ýokary ösüş depginlerini gazanyp, halkara giňişliginde belent abraý-mertebä eýe boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Bu netijeli we döwrebap özgertmeleriň gözbaşynda bolsa yzygiderli amala aşyrylýan milli we döwlet maksatnamalary durýar. Döwletimizde durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Uglewodorod baýlyklarynyň gorlary we olaryň eksport edilýän möçberi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika pudagynda amala aşyran we häzirki wagtda durmuşa geçirýän taslamalary dünýä nusgalykdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly sebitiň iri energetika döwletine öwrüldi. Uly göwrümli «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy we özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi.

Ýurdumyz uglewodorod serişdelerini eksport etmegiň täze ugurlaryny ösdürmäge, energetika baýlyklaryny sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle maksatlar bilen durmuşa geçirilýän iri taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisidir. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda gurluşygyna badalga berlen transmilli gaz geçirijisiniň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metre barabar bolup, onuň umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre deňdir. Täze energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi diňe bir türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmekde däl, eýsem, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhümdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýangyç-energetika pudagynda ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden peýdalanmaga, pudaga maýa goýumlary çekmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Nebitgaz pudagynda özgertmeleri çaltlandyrmaga döwrüň talaby hökmünde garalýar.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda taýýarlanylan maksatnamalara laýyklykda, geljekde Türkmenistan öz ylmy-tehniki we serişde kuwwatlyklaryna daýanyp, şeýle hem öňde durýan ykdysady, durmuş we ekologiki wezipeleri nazara alyp, tapgyrlaýyn esasda öz durnukly ösüş syýasatyny dowam etdirer. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda ýokary netijeli we ekologiki taýdan arassa önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berler. Olar hem eksporta gönükdirilen, hem importy çalyşýan önümçiliklerden ybarat bolar we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

Milli ykdysadyýeti düýpli we doly döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilen özgertmeler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige mümkinçilik döredýär. Şunda esasy ädim öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyrmaklyga, importy çalyşýan täze önümçilikleri guramaklyga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdiriler.

Muny nebitgaz pudagyna hem görmek bolýar. Täze döredilýän senagat düzümleri, ýagny iri gazhimiýa toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Jemal Sapargulyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy