BIZNES

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan döwletimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa ESKPO” halkara sergisine gatanaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, halkara sergisi esasan hem 3 bölümde geçiriler. Hususan-da, maýa goýum hyzmatdaşlyk, milli pawilýonlar we pudaklara ýöriteleşdirilen bölümlerden ybaratdyr.

Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy we dürli pudaklaryň, şeýle-de hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň hytaý bazarynda ýerlenişini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Sergi 2024-nji ýylyň 26‒31-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde geçiriler. Öňki ýyllarda Hytaý ‒ Ýewraziýa EKSPO-syna 40 hytaýly we daşary ýurtly liderler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ministrlik derejesindäki 1100-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly hormatly myhmanlar, 70 ýurtdan we sebitden 12 müňden gowrak kärhana gatnaşdy. Umuman alanyňda, 60-dan gowrak ýokary derejeli forum we mowzuky çäreler guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder