SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklar berkidilýär

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen özara peýdaly, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Öz köklerini has uzakdan alyp gaýdýan, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem dostluga esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has uly ösüşlere eýe bolýar.

Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan saparlary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykardy.

Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki türkmen harytlaryny satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işi ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Bu gatnaşyklar medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly ugurlary öz içine alyp, bilelikdäki hereketleriň täze gözýetimlerini açýar. Şunuň bilen bir hatarda, munuň özi dünýäde durnukly, parahat durmuşyň mizemez binýadyny emele getirmek bilen, adamzadyň sazlaşykly ýaşamak, has gowy geljegi gurmak ýaly umumy maksatlar bilen birleşýändigini görkezýär.

Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Şoňa görä, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz bu gatnaşyklary işjeň ösdürip, diňe bir diplomatik däl, eýsem, iki halky ýakynlaşdyrýan pugta dostluk köprülerini hem gurýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly we çäksiz mümkinçilik açýar. Munuň özi birek-biregi dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak duýgulary birleşdirýän iki ýurt hem-de olaryň halklary üçin tebigy ýagdaýdyr. Häzirki döwürde ynsanperwer gatnaşyklarymyz birek-biregiň isleglerini kanagatlandyrmaga, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge gönükdirildi. Iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda bu ýagdaýyň ösýändigini buýsanç hem-de kanagatlanma bilen synlaýaryn. Hytaý Halk Respublikasynda okaýan türkmen ýigitleri we gyzlary beýik hytaý medeniýetini özleşdirýärler hem-de, öz gezeginde, hytaý topragynda türkmen medeniýetini ýaýradyjylar bolup durýarlar. Munuň özi örän möhüm ýagdaýdyr. Iki ýurduň tagallasy bilen häzirki wagtda jemgyýet we döwlet hökmünde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň gymmatlyklarydyr dünýägaraýyşlary ýakynlaşýar. Özüň we daşyňy gurşap alan dünýä barada sagdyn, oňyn garaýşyň örän gymmatly berk binýady döredilýär. Şunda Türkmenistana we Hytaýa wajyp döredijilikli wezipäni ýerine ýetirmek degişlidir.

Türkmenistanyň we Hytaýyň köpasyrlyk taryhy bolup, ýurtlarymyzda milli däp-dessurlara, medeniýete aýratyn hormat goýulýar. Bu bolsa özara düşünişmek, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Sungat, ylym-bilim, sport ulgamlarynda özara tejribe alşylmagy dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Iki ýurtda guralýan sergiler, festiwallar, konsertler, beýleki medeni çäreler halklarymyza birek-biregiň özboluşly medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Iki dostlukly ýurt ylym-bilim, tehnologiýalar ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Bilelikdäki ylmy taslamalar, maslahatlardyr simpoziumlar dürli ugurlarda, şol sanda energetika, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda bilim we tejribe alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurtda hem ylmy ösüşi höweslendirmäge goşant goşýar.

Jemal Babaýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Beýik işler – halkyň bähbidine

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy

Sagdyn nesil — abadan geljek

Döwletli maslahata barýarys

Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasy