MEDENIÝET

Türkmenistan Hindistanda Magtymgula bagyşlanan dokumental film surata düşerer

Şu ýylyň 7-14-nji apreli aralygynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň režissýory Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hindistanda görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze dokumental filmi surata düşürer.

Bu filmde türkmen halkynyň beýik şahyrynyň döredijilik gymmatlyklary açylyp görkeziler. Filmiň ssenariýasynda Rahymberdi Annagulyýew tarapyndan taýýarlanan çeper film elementleri hem goşular.

Dokumental film Hindistanyň Deli şäheriniň birnäçe ýerinde, şeýle hem Magtymguly Pyraga hem-de Baýramhana degişli ýerlerde surata düşüriler.

Şeýle hem Hindistanyň milli kitaphanasynda filmiň käbir bölekleri surata düşüriler, hindi alymlayr bilen söhbetdeşlikler guralar, türkmen we hindi medeniýetiniň umumylyklary açylyp görkeziler.

Filmde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgusy hem öz mynasyp ornuny alar.

Mälim bolşy ýaly, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda, Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda dokumental filmleri surata düşürdi.

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär