Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan hyzmatdaşlygyň orta möhletleýin Maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagyň zerurdygy nygtaldy.
Owganystandaky ýagdaý duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Owganystandaky ýagdaý boýunça Germaniýanyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamalarynyň ençeme gezek awtordaşy bolup çykyş edendigi bellenildi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin gaz geçirijileri, demir ýollary, elektrik geçirijileri, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly sebit taslamalaryna Owganystany çekmegiň möhümdigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.
Duşuşykda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod öndürmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ulgamlarda Germaniýa öňdebaryjy tehnologiýalara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen GFR-iň Milli wodorod strategiýasyny hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.