JEMGYÝET

Türkmenistan halkara resminamalarynyň 92-sine gol çekişdi

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugry boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

  • Şu ýylyň 11-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna sapary boldy.
  • 17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri ýurdumyzda iş saparyny amala aşyrdy.
  • Döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy.
  • Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine hem-de Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara wideoýazgy arkaly ýüzlendi.
  • Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary we birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen teleofn arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
  • Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 40-sy ýurdumyza geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetileriniň 86-sy daşary ýurtlara iberildi.
  • Göni wideoaragatnaşyk arkaly dünýä derejesindäki duşuşyklaryň 816-sy geçirildi.
  • Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 92-sine gol çekildi.
  • Hökümetara toparlarynyň hem-de işewürler forumlarynyň birnäçesi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýädäki häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň halkara çäreleriniň, saparlaryň hem-de geçiriljek halkara maslahatlaryň we duşuşyklaryň meýilnamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny belläp, bu meseleleriň ählisine şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny aýtdy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Ata Watan Eserleri