MEDENIÝET

Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara kinofestiwala gatnaşýar

Şu günler Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde halkara kinofestiwal geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem myhman hökmünde gatnaşýar.

Gyrgyz Respublikasynyň dünýä meşhur ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna gabatlanyp guralýan halkara kinofestiwal 21-nji noýabra çenli dowam eder. Bu festiwalyň hormatly myhmanlarynyň biri hem Türkan Şoraýdyr. Türkiýäniň meşhur aktrisasy Türkan Şoraý Çingiz Aýtmatowyň “Selwi boýlum aý ýazmalym” atly eseri esasynda Türkiýede surata düşürilen filmiň baş gahrymanlarynyň biridir.

Bu festiwalda Türkan Şoraýa halypa hökmünde ýörite baýrak hem gowşuryldy.

Şeýle hem kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde “Aýtmatow we kino” atly forum hem guralar. Festiwalda dürli döredijilik duşuşyklary, aktýorçylyk babatda ussatlyk sapaklary geçiriler.

Halkara festiwalyň emin agzalarynyň arasynda Türkiýeden Semih Kaplanogly, Singapurdan Filip Çe, Rumyniýadan Ýelena Dulgeru, Günorta Koreýadan Pak Son Ýong we Gyrgyz Respublikasynyň halk aktrisasy Gulsara Ažybekowa bar.

Bu halkara festiwala “Gyzyl kürte” we “Daragt” ýaly filmleriň kinorežissýory Sahysalyh Baýramow hem myhman hökmünde gatnaşýar.

Festiwalda halkara we gyrgyz kinolarynyň bäsleşigi guralar. Halkara bäsleşige 10 sany uly göwrümli, milli bäsleşige bolsa 8 sany uly göwrümli çeper filmler gatnaşdyrylar.

Şeýle hem film festiwalynyň çäklerinde türk kinolarynyň hepdeligi geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy