BIZNES

Türkmenistan Gyrgyzystana 566.38 million kilowat elektrik iberdi

2023-nji ýylyň fewral-aprel aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 566.38 million kilowat-sagat elektirk energiýasyny iberdi. Bu görkeziji Gyrgyzystanyň umumy importunyň 41.7 göterimini eýeledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Milli Statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä,  iberilen elektrik energiýasynyň umumy bahasy 1 milliard 485 million soma deň boldy, ortaça bir kilowat-sagady 2,62 soma barabardyr (takmynan 3 ABŞ-nyň dollary).

Şu ýylyň 4 aýynda Gyrgyz Respublikasy goňşy ýurtlardan 1.35 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8 göterim azdyr.

Gyrgyzystana elektirk energiýasyny ibermekde Gazagystan öňdeligi eýeleýär. Hasabat döwründe 576.75 million kilowat-sagat elektrik energiýasy iberildi.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasy 15-nji aprelden Gazagystanyň üsti bilen Russiýadan hem elektirk togy alyp başlady.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär