SPORT

Türkmenistan Grenlandiýa bilen futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Milli ýygyndymyzyň garşydaşy Grenlandiýanyň ýygyndy topary bolar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Saýlama tapgyrçasynda «E» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy geçirilen duşuşyklarda bir utuk toplady.  Bu toparçada Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary öňdeligi eýeleýärler.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler