Şu gün Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew gatnaşdy.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Belarusyň daşary işler ministri Sergeý Aleýnik, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Duşuşyk 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Russiýada bolup geçen pajygaly waka mynasybetli bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Soňra GDA döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de halkara gün tertibininň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek babatda çözgüt kabul edildi.
Şeýle hem ministrler ýakyn ýyllar üçin GDA-nyň sport paýtagtlaryny kesgitlediler. 2025-nji ýylda bu derejä Azerbaýjanyň Genja şäheri mynasyp görüldi. 2026-njy ýylda bolsa, GDA-nyň sport paýtagtyny Gazagystanyň Almaty şäheri kabul eder.
