BIZNES

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär