JEMGYÝET

Türkmenistan dürli derejedäki futbol ýaryşlaryny kabul etmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň Olimpiýa stadionynda duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen FIFA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we Türkmenistanda futboly ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndaky duşuşygyny ýakymly ýatlaýandyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň futboldaky üstünlikleri barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1992-nji ýylda döredildi we şol ýyl futbol boýunça ýokary liganyň oýunlaryna badalga berildi.

1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy.

Aziýa-2022 atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar milli ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, çärýek finala çykandygy belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysyna Türkmenistanda dürli derejedäki ýaryşlary guramak boýunça teklipleri öwrenmegi teklip etdi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysyna Olimpiýa stadiony barada gürrüň berdi.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň nyşanyny, futbol lybasyny we FIFA-nyň futbol topuny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen netijeli duşuşygynyň bolandygyny belläp, ýaşlara futbola bolan höwesi artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini belledi. Infantino bu barada tehniki merkezi açmagy ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, onuň FIFA-nyň tehniki merkezi we akademiýasy hökmünde ýaşlaryň geljekde futbola bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we San-Marinonyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

Ata Watan Eserleri

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda