SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – dost-doganlygyň mekany

Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly girmegi bilen, tebigat gaýtadan janlandy. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Paýtagtymyz Aşgabatdan sekiz kilometr gündogarda, Ahal ýaýlasyna ýaýylyp gidýän gadymy Änew şäheri bu bahar günleri çar ýandan gelýän myhmanlary garşy aldy.

Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolup, 2024-nji ýylda bu şäher türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edýän merkeze öwrüler. Gadymy türkmen şäherinde türki halklaryň döredijilikli mümkinçiliklerini, medeni mirasyny dabaralandyrýan çäreleriň ençemesi — halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumy, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi we başga-da köp sanly çäreler guralar. Olar Änewiň medeni mirasyny we häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge ýöriteleşdirilendir.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere giň gerim berilmegi aýratyn guwandyryjy boldy. Şu mynasybetli Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyrylan dabara Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan köp sanly myhmanlaryň, şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleriň gatnaşandygyny buýsanç bilen bellemek ýakymly.

Şanly günlerde Änew şäherinde “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň, ak mermerli paýtagtymyzda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň, Arkadag şäherinde bolsa, mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň güwäsidir. Biz — bilim işgärleri şan-şöhratly Watanymyzyň ösüşlerine, beýik üstünliklerine guwanýarys hem-de şeýle bagtyýarlyk üçin döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize köp-köp alkyş aýdýarys.

Kümüş Sazakowa,

Gökdepe etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri