JEMGYÝET

Türkmenistan : Dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Düýn Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Biz Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça  dolandyryş-çäk gurluşu boýunça teklipleri saýtymyza ýerleşdirdik we olaryň linklerini bu habaryň aşagynda Size ýetirýäris. Bu habarymyzda Size bu Mejlis boýunça teklipleri umumylykda SIze ýetirýäris.

Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan teklipler esasynda ýurdumyz boýunça :

Ýatyrmak we sanawdan aýyrmak boýunça teklipler:

Ýatyrylýan etraplar:

  1. Gubadag etrap
  2. Gurbansoltan eje adyndaky etrap
  3. Farap etrap
  4. Döwletli etrap
  5. Serhetabat etrap
  6.  Oguzhan etrap

Ýatyrylýan etrap hukukly şäherler

  1. Tejen etrap hukukly şäher
  2. Gumdag etrap hukukly şäher
  3. Hazar etrap hukukly şäher
  4. Serdar  etrap hukukly şäher
  5. Köneürgenç etrap hukukly şäher

Ýatryrylýan Şäherdäki etrap

  1. Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny;

Ýatyrylýan Şäherçeler

  1. Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini,
  2. Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini;

Ýatyrylýan Geňeşlik we obalar

  1. 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak teklip edilýär.

Şäherçe derejesi berlen obalar:

Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berildi.

  1. Sadulla Rozmetow adyndaky,
  2. Aşyr Kakabaýew adyndaky,
  3. Gökçäge,
  4. Ataýap,
  5. Bereket
  6.  Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçeleri döretmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.

Ahal welaýaty boýunça

Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, 8 sany etrapdaky şäheri, 9 şäherçäni, 82 geňeşligi we 231 sany obany Ahal welaýatynyň çäginde galdyrmak

Balkan welaýaty boýunça

Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Serdar (Gyzylarbat) we Türkmenbaşy etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, 1 sany şäherdäki etraby, 6 etrapdaky şäheri, 14 şäherçäni, 30 geňeşligi we 114 sany obany Balkan welaýatynyň çäginde galdyrmak

Daşoguz welaýaty boýunça

Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky (Şabat), Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 8 etrapdaky şäheri, 7 şäherçäni, 126 sany geňeşligi we 594 sany obany Daşoguz welaýatynyň çäginde galdyrmak

Lebap welaýaty boýunça

Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany Lebap welaýatynyň çäginde galdyrmak

Mary welaýaty boýunça

Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, etraplaryň 6-syndaky şäherleri, 14 şäherçäni, 134 sany geňeşligi we 321 obany Mary welaýatynyň çäginde galdyrmak

Mary welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri