BIZNES

Türkmenistan “Doing business” taslamasyna goşulmakçy

Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr.

Sebit hem-de ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly daşary syýasy strategiýasy ýurdumyzy işewürlik bähbitleriniň, maýa goýumlarynyň we täzeçillikleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de oňyn tejribäniň özüne çekiji merkezine öwürýär.

Şunda kiçi we orta telekeçilik üçin oňaýly işewürlik ýagdaýyny döretmek maksady bilen, iri halkara hem-de sebit maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen telekeçileri bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwlet tarapyndan döredilen şertleri netijeli ulanyp, iş ýüzünde özleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny subut edýärler, hususy işewürligiň hojalygy ýöretmegiň has netijeli usullarynyň biridigini tassyklaýarlar.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, teklip edilýän taslamanyň ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi