BIZNES

Türkmenistan daşary ýurtlara elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.

Häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-siniň oturdylandygyny, kömekçi binalaryň ulanyşa taýýar edildi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmeginiň ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

 

“Galkynyş” gaz käninde çylşyrymly gaz guýulary gurlar

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler