SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-BMG: ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şol ýörelgeleriň düýp esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek, ýagny 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara hukuk ýagdaýynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçer we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda üpjün edilýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ýyllaryndan bäri dünýä we sebit derejesinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Şonuň bilen birlikde, häzirki döwrüň bu ugurdaky derwaýys meselelerine degişli birnäçe möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edip gelýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döwrebap ugurlarynyň kemala getirilmegi sebitde ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan döwletimiz ulag ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde uly ähmiýete eýe bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär. Hususan-da, Merkezi Aziýa üçin Modal ýollary döretmek boýunça başlangyçlary amala aşyrmak babatda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýlekiler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

Bu ugurda alnyp barylýan oňyn syýasat netijesinde, Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde wajyp çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gatnaşmagynda gurulýan halkara polat ýollar, şeýle-de ulag-üstaşyr geçelgeler ählumumy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk babatda eýeleýän ornunyň wajypdygyny görkezýär.

Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 78-nji sessiýanyň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy birnäçe başlangyçlar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosesiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli mejlisini geçirmek, şeýle hem şu ýylyň dekabrynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.

Ogulşeker Atajanowa, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri