JEMGYÝET

Türkmenistan BMG-niň resminamalaryna goşular

2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ulag we ýük daşama ulgamynda birnäçe halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesine çekildi. Bu bolsa sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki ösüşine uly goşant goşar.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ähmiýeti barada hem belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde